Tähranyň juma namazynyň hatyby: Amerikanyň Eýrana garşy dildüwşükleri başa barmady
Tähranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy arap frontuny döretmek baradaky dildüwşigi şowsuz boldy diýdi.
Tähranda juma namazynyň wagyzçysy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, şu günki wagyzlarynda Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden başlamagyna yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana garşy arap frontuny döretmek isleýändigini mälim etdi, ýöne şu gün ters netije çykdy; Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda ylalaşyk baglaşyldy we beýleki ýurtlar hem Eýran bilen şertnama baglaşmaga garaşýarlar diýdi.
Tähranda juma namazynyň hatyby şeýle-de Amerikanyň howlusy bolan Latyn Amerikasynda her hökümet işe gelende, halkyň ses bermeginiň netijesi anti-amerikadygyny mälim edýär we bu bolsa, olaryň isleýän zadyna ýetmändiklerini görkezýär diýip sözlerine goşdy.
Aýatolla Hatami Sionist režiminde görlüp-eşidilmedik durnuksyzlyk we bu režimiň barha artýan krizisleri barada şeýle diýdi: Bu režimde güýçli ikitaraplaýynlyk emele geldi we ýüzlerçe müň adam jenaýatçy hökümdarlaryna ölüm şygarlary bilen şäherlerde nägilelik bildirdiler.
Aýatolla Hatami, Kuds gününi Ymam Homeýniniň (RA) ýadygärligi we Eýranyň musulman halkynyň diriliginiň nyşany hasaplamak bilen adamlar şu ýyl Bütindünýä Kuds güni ýörişinde ajaýyp gatnaşar sebäbi bu barlyk sionist režimi gowşadar we hukuk goraýjylary güýçlendirer diýdi.
Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň esaslandyryjysy Ymam Homeýniniň (RA) başlangyjy bilen Bütindünýä Kuds güni diýlip atlandyryldy.
Intifaza we Bütindünýä Kuds gününiň baş edarasynyň başlygy Ramzan Şerifiň yglan etmegine görä, Bütindünýä Kuds güni ýörişi şu ýyl 25-nji Farwardiniň anna güni (23-nji Remezan / 2023-nji ýylyň 13-nji apreli) geçiriler.