"Täze dünýä tertibiniň geometriýasy"
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýiň, dollaryň gowşamagyna ünsi çekdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, geçen 4-nji aprelda, Eýran Yslam Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşygynda birnäçe meseläni gozgap düşündirdiler.Ynkylapyň ýokary Derejeli lideri bu meselä ünsi çekdi we başga-da birnäçe faktorlara salgylanyp: “Şonuň üçin Yslam ulgamynyň duşmanlarynyň başynda durýan Amerikanyň gowşaýandygyny beýan etdiler.
Amerikanyň gowşaklygynyň ýene bir alamaty, esasy global walýuta hökmünde dollaryň peselmegidir.Emma, Dollar henizem dünýäniň iň uly ätiýaçlyk walýutasy bolsa-da, ABŞ-nyň ony maliýe ýaragy hökmünde ulanmagy köp ýurtlaryň alternatiw walýuta maýa goýumlaryny diwersifikasiýa etmek hereketini çaltlaşdyrdy. Indi Waşingtonyň beýleki ýurtlara basyş etmek üçin dollary gural ulanmagy, şeýle hem ABŞ-nyň garşydaş ýurtlara garşy girizýän sanksiýalarynyň artmagy sebäpli,köp ýurtlar milli walýutalary maliýe we täjirçilik amallary üçin ulanmaga başladylar. Bu ýurtlaryň başynda Hytaý, Russiýa bar, indi Hindistan, Braziliýa, Malaýziýa, Türkiýe, Wenesuela we Eýran ýaly ýurtlar hem şuňa meňzeýär. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar ABŞ-nyň dollaryny ähli maliýe we täjirçilik amallaryndan aýyrmak barada ylalaşdylar. Esasanam ABŞ-nyň geçen ýylda,ýagny Ukraina urşy başlanandan soň, Russiýa garşy sanksiýalara gatnaşmak islemeýän Hytaý, Hindistan we Türkiýe ýaly ýurtlar dollara bolan garaşlylygyny azaltmak üçin hereket etdiler.
Eýran Yslam Respublikasynda dollaryň agdyklyk etmegini bes etmek, başgaça aýdylanda ABŞ-nyň Dollarynyň halkara söwda gatnaşyklarynda agalyk etmegini bes etmek meselesi umumy syýasatynda ilkinji gezek 2007-nji ýylda bäşinji ösüş meýilnamasynda gozgaldy. 2007-nji ýylda yglan edilen bu syýasatlaryň 41-nji bölüminde , "Sebit, yslam we dostlukly ýurtlaryň kömegi bilen garaşsyz pul, bank we ätiýaçlandyryş ulgamynyň döredilmegine kömek etmek, dollara garaşlylygy azaltmak maksady bilen ýerli walýutalaryň ulanylmagy ýazylandyr ".
Aslynda, häzirki wagtda esasan Günbatar we Amerikanyň maliýe we pul guramalarynyň gözegçiliginde bolan emperýalyzm režimiň maliýe we pul ulgamyna garaşlylygy azaltmak diňe dollara garaşlylygy azaltmak arkaly gazanylar.
Hezreti Aýatolla Hameneýi, 1402-nji ýylyň 15-nji farwardynynda duzgunyň işgärleri bilen bolan,ýurdumyzyň meseleleriniň biri ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň dollara garaşlylygy aýrmakdyr diýdiler.