"Täze dünýä tertibiniň geometriýasy"
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Amerikanyň syýasatynyň Günbatar Aziýada şowsuz bolmagyna ünsi çekdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Amerikanyň syýasatynyň Günbatar Aziýada şowsuz bolmagyna ünsi çekdiler. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, geçen 4-nji aprelda, Eýran Yslam Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşygynda birnäçe meseläni gozgap düşündirdiler.Ynkylapyň ýokary Derejeli lideri bu meselä ünsi çekdi we başga-da birnäçe faktorlara salgylanyp: Amerika Eýrana garşy, Yslam respublikasyna garşy birleşen arap frontuny döretmek isleýändigini aýtdylar. Ol Hezretleri şeýle-de Häzirki wagtda ABŞ-yň isleýän zadynyň tersi bolup geçýär we arap toparynyň Eýran bilen gatnaşyklary barha artýar doýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň salgylanmasy, Hytaýyň töwellaçylygy bilen Eýran-Saud Arabystanyň gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmak prosesiniň ýüze çykmagy we elbetde, BAE we Bahreýn ýaly beýleki arap ýurtlary tarapyndan bu meseläniň yzarlanmagydyr. Mundan başga-da, Waşingtonyň we Sionist Režimiň hyzmatdaşlygy bilen Eýrana garşy koalisiýa döretmek çemeleşmäniň aç-açan şowsuzlyga uçramagydyr.Ýene bir mesele, Waşingtonyň islegleriniň tersine, häzirki wagtda sebit we dünýä derejesinde Amerikanyň bäsdeş güýçleri, esasanam Hytaý, Amerikanyň ýaranlary hasaplanýan ýurtlar bilen täze şertnamalar baglaşdy. Şu nukdaýnazardan ABŞ-nyň öňki prezidentlerinden bolýan Jon F. Kennediniň dogan oglany Robert F. Kennedi Jr. Twitterde şeýle ýazdy: "Saud Arabystanyna Amerikanyň täsiriniň peselmegi we Patyşalygyň Hytaý we Eýran bilen täze bileleşikleri Amerika üçin utandyryjy alamatlardyr. Ol şeýle-de ABŞ-nyň global gegemoniýasyny saklamak strategiýasynyň şowsuz bolandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Saud Arabystany we Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň beýleki ýurtlary ýaly sebit hyzmatdaşlarynyň Eýran bilen gatnaşyklary barha artýandyr . bu ýurtlaryň Waşingtona ýnamlary azalandyr. Dünýä nukdaýnazaryndan we hatda Waşingtonyň ýaranlarynyň nukdaýnazaryndan bu ýurduň prezidenti Jo Baýdeniň sözlerine görä Amerikanyň Owganystandan çekeleşikli çykmagy, Amerika üçin erbet hereket bolandyr. Dünýäde Amerikanyň pozisiýasynyň pese gaçmagy we Amerikanyň sebitdäki ýaranlary, esasanam Pars aýlagynda, Waşingtonyň hyzmatdaşlary üçin howpsuzlyk borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine şübhelenýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz ýaranlarynyň howpsuzlygyny goramak bahanasy bilen birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Pars aýlagynda harby gatnaşyga eýe boldy we bu meselede ABŞ-nyň Harby deňiz flotunyň Bäşinji flotunyň merkezi Bahreýnde ýerleşýär.