Sionist režimiň pese gaçmagyny Aýatolla Hameneýiň nygtamaklary
(last modified Sun, 23 Apr 2023 14:16:09 GMT )
Apr 23, 2023 19:16 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň pese gaçmagyny Aýatolla Hameneýiň nygtamaklary

Ynkylapyň ýokary Derejeli lideri, sionist režimiň pese gaçmagyna we Yslam ymmatynyň jebisliginiň zerurlygyna ünsi çekdiler

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň iň möhüm meseleleriniň biri hasaplap, basyp alyjy režiminiň kem-kemden pese gaçmagyna ünsi çekdiler.Ol Hezretleri bu režimiň peselmeginiň Birnäçe ýyl ozal başlanandygyny ýone , indi çaltlaşmagy üçin Yslam dünýäsi ondan peýdalanmagly we bu bolsa örän uly mümkinçilik boýar diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi, düýin (şenbe) günortan öň Eýran halkynyň, wezipeli duzgunyň adamlarynyň we işgärleriniň şeýle-de Yslam ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşygynda agzybirligi yslamyň derwaýys we möhüm zerurlygy diýip atlandyrdylar. Aýatolla Hameneýi sionist režimiň göze görnüp duran pese gaçmagyna we öňüni alyş güýjüniň azalmagyna ünsi çekip, "Bu möhüm ösüş, Palestina halkynyň we ýaşlarynyň garşylygy sebäpli bolup geçdi we Yslam dünýäsiniň şu günki strategiýasy ünsi jemlemeli diýip aýtdylar. Eýranyň Ýolbaşçynyň belleýşi ýaly, basyp alyjy   režiminiň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meseleleriniň biri, onuň syýasy, sosial we ykdysady şertleriniň gowşaklygydyr; Aslynda,soňky wagtlarda içerki we sebit arenalarynda bolup geçen wakalar, Sionist wagtlaýyn režiminiň howply ýagdaýyny has-da açdy. Soňky aýlarda basyp alynan ýerleri köçeleriň giňden ýaýran protestlere, nägileliklere şaýat boldy. Protestçiler premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň kazyýet reforma meýilnamasy kabul etneýärler.Netanýahunyň garşydaşlary bu reformalary kazyýet agdarlyşygy diýip atlandyrdylar. Bu waka sionistleriň içerki bölünişiklerini barha artdyrdy.  Emma, soňky dört ýylda basyp alnan ýerlerde bitewi ministrler kabinetini döretmezlik meselesiniň we Knessetdäki düýpli tapawudyň Sionist režimiň içerki jebisliginiň ýoklugynyň ýene bir alamatydygyna garamazdan; 4 ýyldan hem az wagtyň içinde basyp alnan ýerlerde 5 saýlaw geçirildi we döredilen koalisiýalaryň hiç biri-de içerki krizisleri saklap bilmedi. Ýene bir möhüm mesele, garşylyk toparlarynyň Siriýa, Liwan we beýleki sebitlerde soňky hereketleri, Sionist goşunynyň Al-Aksa metjidine hujumlaryna jogap hökmündedir.