Apr 29, 2023 09:16 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Täjigistanyň goranmak ministrleriniň duşuşygy

Eýranyň Goranmak ministri, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek üçin Eýran Yslam Respublikasy bilen Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ünsi çekdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde Eýranyň Goranmak ministri Brigada Generaly Muhammetreza Garaei Aştiani, Täjigistanyň Goranmak ministri general-leýtenant Şiraly Mirza bilen duşuşygynda, Merkezi Aziýanyň sebit we sebitden daşary ýurtlaryň özara täsirleşýän ýerine, käwagt gapma-garşylyga we geosyýasy bäsleşik meýdanyna öwrülendigini aýdyp Şeýle ýagdaýda sebitden daşary güýçler öz bähbitlerini gözleýärler we şoňa laýyklykda iki ýurt sebitiň howpsuzlygyny goramak üçin hyzmatdaşlygyny güýçlendirmelidir diýip nygtady.

Eýranyň Goranmak ministri sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy Täjigistanyň parahatçylygyny, durnuklylygyny, howpsuzlygyny we territorial bitewiligini elmydama goldaýar we bu syýasaty güýç bilen dowam etdirer diýip yglan etdi.

Täjigistanyň Goranmak ministri, Eýranyň we Täjigistanyň umumy medeniýeti, taryhy we siwilizasiýasy barada durup geçip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çuňňur we doganlyk hasaplady we: Dünýädäki we sebitdäki wakalara seredip,howpsuzlyk aladalary iki ýurt üçin umumy meseledir diýip nygtady.

 

Tags