TÜRKIÝÄNIŇ SAÝLAWLARY
(last modified Sun, 30 Apr 2023 16:21:35 GMT )
Apr 30, 2023 21:21 Asia/Ashgabat
  • TÜRKIÝÄNIŇ SAÝLAWLARY

Daşary Ýurtlardaky Türk Raýatlary Ses Bermäge Başladylar.

Türk raýatlary 24 sagadyň dowamynda 14-nji maýa ýekşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 17.00-a çenli ses bermäge dowam eder.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan türk raýatlary prezident we halk deputatlary saýlawlary üçin ses bermäge başlady.

Türkiýäniň Ýewropa açylýan gümrük geçelgeleri Kapykulede, İpsalada, Pazarkulede, Hamzabeýlide we Dereköýde daşary ýurtlarda ses bermek üçin bellige alynan türk raýatlary ses bermäge başlady.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan türk raýatlary 24 sagadyň dowamynda 14-nji maýa ýekşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 17.00-a çenli ses bermäge dowam eder.

“Türkiýede Prezident we parlament saýlawlary 14-nji maýda geçiriler. Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry, zerur bolsa, 28-nji maýda geçiriler” diýip, Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ener žurnalistlere aýtdy.

-Biz 14-nji maýda ählumumy saýlawlary guramak barada prezidentiň kararyny aldyk. Eger-de Prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirilse, ikinji tapgyry 28-nji maýda geçiriler – diýip, Türkiýäniň saýlaw toparynyň başlygy aýtdy.

Ygtyýarlygy iýun aýynda gutarýan Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 10-njy martda  ýurtda geçiriljek umumy saýlawlary 14-nji maýda geçirmek baradaky karara gol çekdi. Şu gün bu resminama “Resmi Gazete” gazetinde çap edildi.

Türkiýedäki saýlawlar ilkibaşda 18-nji iýuna meýilleşdirilýärdi.

 

 

Tags