Tehraniň juma ymamy: Eýran hiç kime içerki işlerine gatyşmaga rugsat bermez
Tehraniň juma namazynyň hatyby Eýranyň sebitdäki huzury daşary gudratlaryň hiç birine ýetýän ýeri ýokdyr we Eýran hiç kime sebitiň içeri işlerine gatyşmaga rugsat bermez diýip nygtady.
Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddigi şu gün Tehraniň juma namazynyň hatyby ýewropaly bir ýurt Amerikanyň ilçisi adynda sebitde bir herekete baş goşjak bolsa Eýran Amerikadan rugsat almalydyr diýip aýtmagy kabul ederlikli däldir we Eýran şu güne çenli hiç kime içerki işlerine gatyşmaga rugsat beren däldir diýip nygtady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddigi Eýranyň sebitdäki huzury Pitneçileriň we Amerikanyň garşysyndadyr diýip sözüne goşdy.
eziji düzgün Eýran Yslam Respublikasyna urgy urmakda şowsuzlyga uçrandyr diýip Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddig nygtap geçdi.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Hojjatol Yslam Welmoslemin Kazem Seddig şeýle-de soňky wagtlarda Eýranda ýola berilen gozgalaňlyklaryslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýol görkezmeleri bilen puja çykandyr diýip beýan etdi.