Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze döwüri
Eýran Yslam Respublikasy bilen Siriýanyň arasynda uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk maksatnamasy we beýleki 14 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Siriýa eden saparynyň ilkinji gününde iki ýurduň uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk maksatnamasy we beýleki 14 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi.
Eýran we Siriýanyň häkimiýetleri bu resminamalara çarşenbe güni gol çekdiler.bu resminamalar söwda hyzmatdaşlygy, nebit we energetika, tehniki in ingenerçilik, ýaşaýyş jaý, demir ýol we howa gatnawy, erkin zolaklar we hususy pudaklar, aragatnaşyk we tehnologiýa, ýer titremesi bilen garşylaşmak, zyýarat işlerini ýeňilleşdirmek ýaly ugurlara baglanşyklydyr.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Räisiniň Siriýa eden sapary çuňňur we durnukly gatnaşyklar sebäpli dürli syýasy we howpsuzlyk ölçeglerine eýe bolsa-da, iki ýurduň garşylyk okundaky roly bu saparyň möhüm maksatlaryndan biridir.mundan başga, Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişmek we beýleki 14 hyzmatdaşlyk resminamasy bilen şol bir çarçuwada bahalandyrylyp bilner. Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky çuňňur howpsuzlyk-syýasy gatnaşyklardan başga, iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň şu wagta çenli çäklendirilendigini görkezýär; Mysal üçin, soňky iki ýylda Eýranyň eksporty 2021-nji ýylda bary-ýogy 25 million dollar artyp, 2022-nji ýylda 243 million dollara ýetdi, 2021-nji ýylda 218 million dollardy, Siriýa krizisiniň döwründe Başar Asadyň hökümeti bilen gowy gatnaşykda bolmadyk käbir ýurtlaryň söwda alyş-çalyşy, Eýran-Siriýanyň söwda alyş-çalyşyndan ýokardadyr. Indi Siriýa howpsuzlyk krizisinden çykdy we bu ýurtda birneme parahatçylyk bar, ýöne bu ýurtda önümçilik we eksport infrastrukturanyň gowşaklygy we weýran bolmagy sebäpli onuň ykdysadiýeti çynlakaý kynçylykdadyr. Bu ýurt dost ýurtlaryň gatnaşmagynda önümçiligini we eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär; Siriýadaky terrorçylary ýeňmekde we bu ýurtda howpsuzlygy ýola goýmakda inkär edip bolmajak rol oýnan ýurt, Eýran Yslam Respublikasydyr. Şol sebäpli Eýran bilen Siriýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklary artdyrmak we ösdürmek üçin bir mümkinçilik bardyr; Ykdysady hünärmenler, şeýle hem, Eýranyň Siriýa nebit däl önümleriň dürli pudaklarynda eksport kuwwatynyň ýylda azyndan 700 million dollar, tehniki we in ingenerçilik hyzmatlarynyň bolsa ýylda 600 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar.