Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideriniň Mejlisiň kanunçylyk mertebesi baradaky beýanaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i21840-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_derejeli_lideriniň_mejlisiň_kanunçylyk_mertebesi_baradaky_beýanaty
Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Yslam Geňeş Mejisiniň beýikligine we statusyna hormat goýmak bilen, mejlisiň kanunçylyk mertebesini gözegçilik mertebesinden has ýokary we möhüm hasapladylar.
(last modified 2023-05-24T14:17:52+00:00 )
May 24, 2023 19:17 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideriniň Mejlisiň kanunçylyk mertebesi baradaky beýanaty

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Yslam Geňeş Mejisiniň beýikligine we statusyna hormat goýmak bilen, mejlisiň kanunçylyk mertebesini gözegçilik mertebesinden has ýokary we möhüm hasapladylar.

 

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Aýatolla Hameneýi şu gün çarşenbe güni Eýran Yslam Geňeşiniň 11-nji möhletiniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda bu ýygnagy ýurduň meselelerini çözmek üçin gowy kararlary bolan ynkylapçy, ýaş, işjeň ýygnak diýip atlandyrdylar. Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Mejlisiň soňky ýylynda, 7-nji ösüş meýilnamasyna göz aýlamagy we tassyklamagy, ýylyň şygaryny ýerine ýetirmek üçin zerur kanunlary tassyklamagy, ýagny inflýasiýanyň öňüni almagy we önümçiligi ösdürmegi zerur bilip, Mejlisiň agzalaryndan bu hakda tagalla etmeklerini islediler.

  Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Korrupsiýa garşy göreşmek, diskriminasiýany ýok etmek, monopoliýany ýok etmek we iş pursatlaryny gowulandyrmak üçin kanunlaryň köpüsiniň  berklik we aýdyňlyk bilen tassyklanandygyny beýan etdiler.