Ynkylapyň ýokary Derejli ýolbaşçysynyň duşmanlara garşy durmagyň zerurdygyny nygtamaklary
(last modified Tue, 06 Jun 2023 15:14:15 GMT )
Jun 06, 2023 20:14 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary Derejli ýolbaşçysynyň duşmanlara garşy durmagyň zerurdygyny nygtamaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy ,Garaşsyzlygyň, abraýyň we milli bähbitleriň goralmagy imanyň we umydyň saklanmagyna baglydyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi,Garaşsyzlygyň, abraýyň we milli bähbitleriň goralmagy imanyň we umydyň saklanmagyna baglydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, şu gün (ýekşenbe) Hezretleri Ymam Homeýni (RA)-yň panydan baka göçmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp, beýik we joşgunly ýygnanyşykda baky dünýä göçen Ymamyň Eýranyň taryhynyň liderlerinden biridigini ýatlap,hiç bir hereketiň Ymamy  Taryhdan aýryp bilmez diýdiler.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumatmerkeziniň beren habaryna görä, Hezretleri Aýatolla Hameneýi ,Ymamyň, Eýrana,Yslam ymmatyna we dünýä getiren 3 sany uly özgerişligine yşarat edip, Ymamyň"imany" we "umydy" bu ägirt uly taryhy ösüşleriň sebäbi boldy diýdiler.   Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi şeýle-de Eýrana we onuň milli bähbitlerine, ykdysady ýagdaýyň gowulaşmagyna, ýurduň ösüşine we milli abraýna gyzyklanýan her bir hereketiň we tarapyň halkyň we jemgyýetiň "imanyny" we "umydyny" güýçlendirmegiň ugurynda çemeleşmeli diýip beýan etdiler.

 Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy sözüniň dowamynda Bu onýyllyklarda käbir hökümetlerinde adamlar yza çekilmäge we eglişik etmäge ynanýardylar, emma bu hökümetleriň birinde şol bir ýurt ize çekilen prezidentimize aýyplama bildirip tussag karar çykardy diýdiler.

Ýobaşçynyň bu möhüm sözleri, Eýran Yslam Respublikasyny jedelli meselelerden yza çekilmäge mejbur etmek maksady bilen ABŞ we Sionist režimi ýaly duşmanlaryň syýasy, ykdysady we propaganda basyşlarynyň dowam etmegi bilen baglanyşyklydyr.

Hakykat, Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soňky ýyllarda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky duşmanlar Eýran Yslam Respublikasyna basyş etmek üçin ähli syýasy, ykdysady we hatda harby serişdeleri ulandylar illet dur.