Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmakdaky ösüşine syn (birinji bölüm)
Geçen yekşenbe güni irden, ýadro senagatynyň buýsançly alymlarynyň, hünärmenleriniň we işgärleriniň ýygnagynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneiý, bu pudagy Eýranyň dürli pudaklarda ösüşiniň açary atlandylar.
Geçen yekşenbe güni irden, ýadro senagatynyň buýsançly alymlarynyň, hünärmenleriniň we işgärleriniň ýygnagynda Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneiý, bu pudagy Eýranyň dürli pudaklarda ösüşiniň açary atlandyryp,we şol bir wagtyň özünde onuň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler. Ol Hezretleri"obýektiw we göze görnüp duran" ýadro pudagyny Eýranyň kuwwatynyň we abraýynyň esasy bölekleriniň biri hasaplaýardylar we şeýle diýdiler: Eýrany, Yslam respublikasyny we ýurduň güýjüni we ösüşini söýýän her bir adam, ýadro ylmyna ähmiýet bermelidir diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneiý, Ýadro senagatynyň üç mohum ähmiýetini düşündirende, bu pudagy ösüş we mümkinçilikleri ösdürmek nukdaýnazaryndan bu ýurda "hormat goýýar" diýip hasapladylar we ýadro üstünlikleriniň adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrmakdaky düýpli täsirine ünsi çekdiler. Eýranyň syýasy agramy we global derejesi nukdaýnazaryndan milli hormata sebäp bolýar diýip ol Hezretleri sözlerine goşdylar; Şol bir wagtyň özünde, ýadro senagatyň ösüşi duşmanlaryň ýaşlary ruhdan düşürmek baradaky tagallalaryndan tapawutlylykda, jemgyýetde umyt we milli ynamyny janlandyrýar diýip ol Hezretleri nygtadylar.
Zalym sanksiýalara garamazdan, Eýran ýurdy ýadro energiýasyndan 159 pudagynda parahatçylykly peýdalanmagy başardy.
Häzirki wagtda parahatçylykly ýadro ylymlarynyň we tehnologiýalarynyň dürli taraplaryna ýetmek we ony ulanmagyň ugurlaryny döretmek islendik ýurt üçin syýasy, durmuş we ykdysady durnuklylygyň ösüşiniň görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner we üstesine-de bilimiň we başarnygyň ýokary derejesini görkezip biler.
Ýadro ylmy, dünýä halklarynyň abadançylygyna we adamzat jemgyýetleriniň ösüşine düýpli hyzmat edip biljek möhüm ylmy üstünlikleriň biridir; Emma, gynansak-da, bu energiýany dünýä güýçleri tarapyndan parahatçylykly ulanmazlyk we ýarag ýaryşyna girizilmegi görnüpdurandyr,bu bolsa erbetdir.
Beýleki tarapdan, ýadro senagaty bolan ýurtlar, Eýranyň ýadro ösüşine päsgelçilileri döretmegiň uguryndadyrlar.