Tähranyň juma namazynyň hatyby: Ýadro senagaty halka abadançylyk getirýär
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy, Eýran Yslam Respublikasynyň parahatçylykly ýadro tehnologiýasy pudagyndaky ösüşini halkyň abadançylygyna sebäp hasaplady.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň hatyby Hojjatul-Islam wal-Muslimeen Kazem Seddiqi, Eýranyň ýadro pudagynyň ösüşine we Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň bu ugurdaky ösüşiň dowam etmegine berýän ünsi barada gürrüň gozgap Ynkylapyň ýokary derejeli lideri, ýadro ösüşini abraý faktory hasaplaýar, sebäbi parahatçylykly ýadro pudaklary adamlaryň abadançylygy we saglygy bilen baglanyşyklydyr diýdi.
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy şeýle-de Eýranyň ýadro alymlarynyň köpüsiniň zehinli ýaş eýranlylardygyny aýtmak bilen ýadro senagaty syýasy we halkara agramymyzy agyrlaşdyrdy we häzirki wagtda tehnologiýa we senagat, ýadro, goranmak, harby we beýleki ugurlar boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyrys diýip beýan etdi.
Hojjatul-Islam wal-Muslimeen Siddiqi, Eýranyň goňşulary bilen gatnaşyklaryny giňeltmek syýasatyna we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Latyn Amerikasy ýurtlaryna eden saparyna yşarat edip Seýid Ebrahim Raisiniň bir wagtlar Amerikanyň howlusy bolan Latyn Amerikasyna eden sapary düýä derejesinde köp habarlary we netijeleri bolandyr diýdi.
Saud Arabystany bilen syýasy we konsullyk gatnaşyklarynyň täzeden başlamagy barada hem Tähranyň wagtlaýyn ymamy şeýle diýdi: Şu gün Saud Arabystany we sebitdäki beýleki ýurtlar Eýran bilen gatnaşyklaryň howpsuzlygyň, abraýyň we güýjüň çeşmesi diýen netijä geldiler we daşary ýurt agentleriň esasanam amerikalylaryň, sebitde ýeri ýok diýen netijä geldiler.