Kanani Çafi: Eýranyň hökümeti, milletiň hukuklaryny üpjün etmek üçin gepleşiklere ygrarlydyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran hökümeti, Eýran halkynyň hukuklarynyň kepillendirilmegi üçin gepleşik etabyna ygrarlydyr diýdi.
EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" duşenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda käbir habar beriş serişdeleriniň Amerika bilen gepleşikleriň zerurlygy baradaky çaklamalara jogap höküminde Eýranyň Amerika garşy pozisiýasy aýdyňdyr we Amerikanyň Eýranyň hökümetine we halkyna garşy eden jenaýatçylykly hereketleriniň nyşanlary we mysallary hem aýdyňdyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda Eýranyň Amerika baradaky garaýşy, bu ýurduň jenaýatçylykly hereketlerine esaslanýar we Amerikan hökümetiniň pikiri üýtgänçä, Eýranyň garaýşy hem üýtgemez diýdi.
Kanani Çafi şeýle hem, Eýranyň gepleşiklere ygrarlydygyny aýtdy we Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri Kani bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäriniň orunbasary Enrike Moranyň Kataryň Doha şäherinde duşuşygyna yşarat edip Ýewropanyň Eýran bilen gepleşik geçirmek islegini göz öňünde tutup, Eýranyň esasy gepleşikçisiniň üç Ýewropa ýurdunyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşygy geçirildi we öňki gepleşikleriň dowamy hökmünde Abu Dabide täze ýygnak geçirildi we Mora bilen hem Dohada duşuşyk geçirildi diýdi.
Kanani Çafi şeýle-de EýranPress-iň habarçysynyň Eýranyň bilen Azerbaýjan respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon gepleşikleriniň iki ýurduň arasyndaky düşünişmezlikleri çözmekde täsiri baradaky soragyna jogap edip Eýran we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri "Hosseýn Amir Abdollahian" we "Jihun Baýramof" düýn agşam iki ýurduň syýasy, ykdysady we konsullyk gatnaşyklary barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary kadaly ýagdaýa getirmek üçin tagalla edilýär diýip sözlerine goşdy.