Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: ýetginjekler we ýaş nesil döredijilik mahabatynyň üns merkezinde bolmalydyrlar
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň pikiriçe, geljekki eýeler we gurluşykçylar hökmünde ýetginjekler we ýaş nesil döredijilik mahabatlarynyň üns merkezi bolmaly we täze usullara we gurallara bil baglamalydyr diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň Edarasynyň maglumat merkezziniň beren maglumatyna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi, çarşenbe güni Aşyr aýyň öňüi syrasynda dini mektepleriň ulamalary, okuwçylary we wagyz edijileri bilen duşuşygynda ýurduň häzirki gözleglerden has köp gözlegleriň esasynda mahabat çärelerine mätäçdigini aýtmak bilen Guranyň wagyz we onuň ölçegleri we inçelikleri hakda birnäçe aýatyna salgylanyp Taňrynyň dinini dogry wagyz etmekden başga köpçüligiň derejesinde amala aşyryp bolmaz diýip nygtadylar.
Hezretleri şeýle-de ylmyýe mekteplerde we beýik alymlaryň terjimehalynda köpden bäri wagyz etmegiň däbiniň ähmiýetine ünsi çekip Yslam respublikasy döredilenden soň, ylmyýe mektepleriň wezipeleriniň arasynda wagyz etmegiň ähmiýeti iki esse artdy sebäbi dine esaslanýan syýasy harby güýçleriň döredilmegi ezijileriň yslama bolan duşmançylygyny artdyrdy diýip beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri halkyň ynamyny yslam ulgamynyň durnuklylygynyň esasy diýip atlandyrmak bilen şeýle diýdiler: Ulgamy saklamak we hakykatda halkyň ynamyny goramak zerur borç bolup durýar, häzirki döwürde propaganda ylym we gurallaryň ýaýramagy, şol sanda internet we emeli intellekt ýaly dürli usullar bilen köp ösdi şonuň üçin umumy düşünje we akyl duşmanlaryň ganly gylyçlarynyň öňünde propaganda ilkinji nobatda bolmalydygyny görkezýär diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi şeýle-de Ukrainanyň öýsüz-öwzarsyz we biçäre halkynyň ýagdaýyny Günbataryň kolonial we ýyrtyjy maksatlarynyň dowam etmeginiň subutnamasy diýip atlandyrdy we Ukrainanyň halky öldürilmelidir sebäbi Günbataryň ýarag öndürmek we satmak kompaniýalarynyň bähbitleri Ukrainadaky söweşiň dowam etmegindedir diýip aýtdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle hem häzirki wagtda Günbataryň gowşak tarapynyň öňküsinden has köpdigini nygtap Amerika "syýasat, halklar bilen gapma-garşylyk, Amerikan milletiniň özi bilen gapma-garşylyk, jynsparazlyk, jynsy ahlak, jenaýat we zalymlyk" ýaly dürli ugurlardaky şeýtanlaryň we erbetlikleriň ýygyndysydyr diýip sözlerine goşdylar.