Liberal demokratiýa frontunda erkin pikir we demokratiýa talaplaryna liderligiň garaýşy
(last modified Wed, 12 Jul 2023 17:20:38 GMT )
Jul 12, 2023 22:20 Asia/Ashgabat
  • Liberal demokratiýa frontunda erkin pikir we demokratiýa talaplaryna liderligiň garaýşy

Hezretleri Aýatolla Hameneýi çarşenbe güni dini medreseleriň ruhanylary talyplary we wagyzçylary bilen bolan duşuşygynda Yslam ulgamyna garşy çykýan liberal demokratiýanyň erkin pikirlenmek baradaky talaplaryny ýalan hasapladylar.

  Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi çarşenbe güni dini medreseleriň ruhanylary talyplary we wagyzçylary bilen bolan duşuşygynda Yslam ulgamyna garşy çykýan liberal demokratiýanyň erkin pikirlenmek baradaky talaplaryny ýalan hasapladylar.

Geçen asyryň ahyrynda meşhur Amerikan teoretigi "Fransis Fukuýama" liberal demokratiýa, taryhyň soňy diýip atlandyrdy. Fukuýamanyň nukdaýnazaryndan liberal demokratiýa, adam mertebesine-de, halk güýjüne-de üns berýän dünýädäki adamlar üçin iň islenýän syýasy ulgamdyr.

Emma  21-nji asyrda bolup geçen wakalar liberal demokratiýanyň adam hukuklaryna we halk güýjüne berýän ünsi baradaky talaplaryň ýalňyşdygyny görkezdi. Liberal demokratiýany bir bina bilen deňeşdirsek, onuň içki görnüşi bilen tanyş bolmadyk tomaşaçyny aldadýan bezeg görnüşi bardyr, owadan ýaly görünýän bu binanyň içki görnuşy toýun aldawdan we hileden ýasalýar Bu bolsa onuň ýigrençindendir.

 Liberal demokratiýa ulgamy bolan ýurtlarda bolup geçýän wakalara we bu ýurtlaryň ösýän ýurtlara edýän hereketlerine syn etmek bu aldawyň we mekirligiň bardygyny subut edýär. Liberalizm adam hukuklary, erkinlik we saýlamak hukugy bilen buýsanýan bolsa-da, olaryň bähbitleri talap etilse, adam hukuklary bozýarlar we dünýäniň iň yzagalak hökümetleri bilen dostluk şertnamasyny baglaşýar, olar Sionistleriň Palestina halkyna garşy adamkärçiliksiz jenaýatlaryna göz ýumýarlar we Birleşen Milletler Guramasynda sionistlere garşy teklip edilen islendik karar weto bilen güýjüni ýitirer.

Bu ýurtlarda jyns we dini diskriminasiýa giň ýaýrady. Amerikada garaýagyzlaryň hukuklaryny äsgermezlik etmek , şeýle hem Amerikada we Ýewropadaky musulmanlaryň dini hukuklaryny äsgermezlik etmek we gödek bozmak jyns we dini diskriminasiýa ýagdaýlarynyň biridir.