Yslam Ynkylabynyň lideri Şwesiýada Guran kerimiň kemsidilmegini taňkytladylar
(last modified Sat, 22 Jul 2023 11:32:04 GMT )
Jul 22, 2023 16:32 Asia/Ashgabat
  • Yslam Ynkylabynyň lideri Şwesiýada Guran kerimiň kemsidilmegini taňkytladylar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Şwesiýada mukaddes Guranyň kemsidilmegini ajy, dildüwşük we howply waka diýip atlandyrmak bilen bu jenaýaty eden adam üçin iň agyr jeza, ähli yslam alymlaryň islegidigini aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri Şwesiýada mukaddes Guranyň kemsidilmeginden soň bir sargyt boýunça Şwesiýanyň hökümeti jenaýatçyny Yslam ýurtlarynyň kazyýet ulgamyna tabşyrmalydyr diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň lideriniň sargydynyň tekstinde şeýle diýilýär: Şwesiýanyň hökümeti jenaýatçyny goldamak bilen, Yslam dünýäsine garşy söweşjeň garaýyş kabul edendigini we ähli musulman halklarynyň we hökümetleriniň köpüsiniň ýigrenjini we duşmançylygyny özüne çekendigini bilmelidir diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle-de Şwesiýanyň hökümetiniň borjy, jenaýatçyny Yslam ýurtlarynyň kazyýet ulgamyna tabşyrmakdyr diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy sözünüň dowamynda sahnanyň aňyrsynda dildüwşük guranlar, Guranyň mukaddesliginiň we azamatynyň günsaýyn artjakdygyny we onüň ýol görkeziji çyralarynyň has ýagty boljakdygyny bilmelidirler we bu dildüwşigi halaýanlar we günäkärler, barha artýan parlaklygyň öňüni alyp bilmejek pes derejededigini bilmelidirler diýdiler. .

Penşenbe güni (20-nji iýul), soňky birnäçe hepdäniň içinde ikinji gezek Yrak-Şwesiýanyň raýaty "Salwan Momika" Şwesiýanyň polisiýasynyň goldawy bilen Gurany kemsitdi. bu jenaýatçylykly hereket Musulman ýurtlarynyň reaksiýasyna we gaharya sebäp bolandyr.