Eýranly iki balykçy Türkmenistanyň serhet sakçylary arkaly öldürildi
Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Türkmen etrapynyň häkimi Ylýas Hiwaçi Hazar deňizinde awa giden balykçylar Türkmenistanyň serhet sakçylarynyň hüjümine gabat geldiler diýdi.
öten agşam Türkmen etrapynyň häkimi Ylýas Hiwaçi Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Türkmen etrabynyň balykçylary sişenbe gijesi balyk tutmak üçin Hazar deňizine giripdiler we Eýran bilen Türkmenistanyň suw araçägine girmekleri babatly Türkmenistanyň serhet sakçylarynyň ok atyşygyna gabat gelendirler diýip yglan etdi.
Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Türkmen etrapynyň häkimi sözüniň dowamynda balykçylaryň ikisi ölendir we ikisi hem Türkmenistanyň serhet gullukçylygynyň erkindedir diýip beýan etdi.
Hiwaçi şeýle-de gynansakda Eýranly balykçylar Türkmenistan bilen bolýan suw araçäginde aw awlamaga meşgul bolupdyrlar we Türkmenistanyň serhet sakçylary hem oňa amatsyz tärde gaýtawul berendirler diýip sözüne goşdy.