Yslam respublikasynyň”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusy Terrorçylyga garşy göreşiň baýdak göterijisi
Eýranda Yslam respublikasynyň”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusy Terrorçylyga garşy göreşiň baýdak göterijisi bolýar.
Şu gün irden (penşenbe), Yslam respublikasynyň”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň Serkerdeleriniň we Resmileriniň 24-nji Assambleýasyna gatnaşyjylaryň ýygnagynda Yslam Rewolýusiýasynyň Belent Mertebeli ÝObaşçysy Hezretleri Aýatolla Hameneýi bu korpusynyň döremeginiň, ösüşiniň we harby, jemgyýetçilik, hyzmat ýetiriş we gurluşygy bölümlerindäki işleriniň özboluşly we buýsançlydygyny nygtadylar.
Yslam respublikasynyň”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň üznüksiz ösüşi we içerki güýji barada Hezretleri Aýatolla Hameneýi: "Bu toplum häzirki wagtda terrorçylyga garşy ägirt uly we doly enjamlaşdyrylan merkeze öwrüldi diýmek bilen dünýäniň hiç bir goşunynyň bu korpusyň işlerini edip başarmaýar diýdiler. Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şeýle-de IRGC-iň öňüni alyş güýji we mümkinçilikleri netijesinde "harby wariant stoluň üstünde" diýilen sözüniň azalmagyna we gaýtalanmazlygyna sebäp bolandygyna salgylanyp bu sözlemiň ýeňil, manysyz we peýdasyz bolandygyny hemmeler bilýärler diýdiler.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri IRGC-iň funksiýalary we özüne çekiji ýerleri duşmany alada goýup ýalan, myş-myş we bolgusyz sözler bilen Sepahy ýok etmäge mejbur etdi diýip sözlerine goşdylar.
Yslam Ynkylabyň düýbüni tutany Ymam Homeýni (RA),1979-njy ýylyň aprelinde IRGC döretmek barada karar çykaly bäri, bu halk guramasy hemişe ynkylaby, ýurdy we milleti goramakda öňdäki hatarda durýar we ajaýyp ýazgylara eýedir.
Ynkylap goragçylarynyň mukaddes goranmak zamanynda, dildüwşükleri zyýansyzlandyrmakda we Yslam ulgamyň duşmanlarynyň kör pitnelerini söndürmek, şeýle-de gurluşyk pudagynda ýetiren işlerine syn etsek bu guramanyň täsin işlerini görüp bolar.