Aug 23, 2023 14:46 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Eýranyň Daşary işler ministrligi Tasnimiň suratçysynyň erkinligi üçin çynlakaý çemeleşýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tasnim habar gullugynyň suratçysynyň Talyban tarapyndan tussag edilendigi barada Daşary işler ministrliginiň onuň boşadylmagy barada çynlakaý çemeleşýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi, Tasnim habar gullugynyň suratçysy Muhammet Huseýin Welaýatiniň Talyban tarapyndan tussag edilmegi barada şeýle diýdi: Daşary işler ministrligi bu meseleden habarly bolany soň, bu meseläni degişli owgan häkimiýetleri bilen yzarlamaga başlady diýdi.

Tasnim habar gullugynyň suratçysy Muhammet Huseýin Welaýati, iş däl saparda Owganystana kanuny we howa serhedinden girip Kabulda 10 gün galandan soň yzyna gaýdyp gelýän wagty anyk düşündiriş bermezden Kabul howa menzilinde tussag edildi.

Tags