Sep 02, 2023 19:18 Asia/Ashgabat
  • Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi mynasybetli Eýranyň Prezidentiniň gutlag haty

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönüminiň gelmegini bu ýurduň halkyna we hökümetine gutlady.

Prezidentiň maglumat ýetiriş merkeziniň beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzaýewe iberen hatynda bu ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlamak bilen bilelikdäki hyzmatdaşlykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbitlere we sebitleýin we halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösmegine laýyklykda barha giňelmegine umyt bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasy 1991-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi we 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.

Tags