Sep 02, 2023 20:08 Asia/Ashgabat
  • Amirabdollahianyň Eýranyň Liwan meselesindäki pozisiýasyny düşündirişi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Eýranyň Liwan meselesindäki pozisiýasyny düşündirişi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin   Amirabdollahian, Liwanyň paýtagty Beýrutda geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Eýranyň Liwan ýagdaýyna garaýşyny düşündirdi.

Soňky 10 aýda Liwan mejlisiň täze prezident saýlamazlygyna şaýat boldy. Mişel Aunyň prezidentlik möhleti geçen oktýabr aýynda tamamlandy. Şu wagta çenli 12 sany mejlis geçirildi, ýöne prezident entek yglan edilmedi we bu şowsuzlygyň esasy sebäbi Liwan toparlarynyň arasyndaky tapawutlardyr.

Mundan başga-da, Nejip Mikatiniň wagtlaýyn hökümeti henizem işleýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Liwandaky wakalar babatdaky pozisiýasy hemişe bu ýurduň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan   kynçylyklary çözmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Amirabdollahian metbugat ýygnagynda prezidentiň saýlanmagy we Liwanda hökümetiň bellenilmegi bilen baglanyşykly islendik kararyň Liwanyň ýolbaşçylaryna galjakdygyny aýtdy.

Amirabdollahian eden çykyşynda ýene bir nokat Liwanyň sosial meseleleri boldy. Jemgyýetçilik taýdan Liwan benziniň, elektrik energiýasynyň we gazyň ýetmezçiligi meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bubolsa halkyň ýurduň syýasatçylaryndan nägileligini artdyrdy. Eýran Yslam Respublikasy ozal Liwan hökümetine benzin, elektrik we gaz meselesinde kömek bermek üçin ençeme gezek teklip edipdi, emma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň päsgelçilikleri sebäpli bu kömekleriň ýolunda kynçylyklar ýüze çykdy.

Amirabdollahian hem bu kontekstde Liwanda elektrik we energiýa meselesini gysga wagtda çözmek üçin islendik meýilnamany goldaýarys diydi. 10 ýyl ozal Liwan kabineti Eýranyň teklibini kabul eden bolsa, şu gün Liwan sebitdäki elektrik eksport edijilerinden biri bolardy.

Garşylyk meselesi Liwanyň möhüm içerki meselelerinden biridir. Soňky aýlarda Hizbullah bilen Sionist rezimiň arasyndaky dartgynlyk artdy we hatda söweş mümkinçiligi barada çaklamalar hem bardy. Eýran Yslam Respublikasy Liwanyň garşylygyny elmydama goldaýar we Amirabdollahianyň çykyşynda bu goldaw nygtaldy.

 

 

 

Tags