Eýran bilen Russiýa Günorta Kawkaz meselesiniň çözülmegini nygtadylar
(last modified Tue, 26 Sep 2023 14:50:20 GMT )
Sep 26, 2023 19:50 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýa Günorta Kawkaz meselesiniň çözülmegini nygtadylar

Eýranyň we Russiýanyň prezidentleri sebitdäki özgerişleriň soňky ýagdaýyny gözden geçirmek bilen, Günorta Kawkaz sebitiniň meselelerini iki ýurduň arasyndaky gepleşiklerde we "3 + 3" görnüşinde çözmegiň zerurdygyny aýtmak bilen şeýle hem, sebit bilen baglanyşykly meselelere daşary ýurtlularyň gatyşmazlygyny nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň telefon jaňyna jogap edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine oňyn baha berdi we özara şertnamalarynyň we bilelikdäki meýilnamalaryň, şol sanda üstaşyr, transport, energiýa alyş-çalşygy we Demirgazyk-Günorta koridorynyň tamamlanmagy ýaly ugurlarda durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga ünsi çekdi.

Raisi, Russiýanyň Eýranyň BRICS toparyna girmegine berýän goldawyna minnetdarlyk bildirmek bilen BRICS, köp polýar dünýäni emele getirmekde täsirli guramalaryň biri we Eýran, Russiýa we beýleki agza ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly ugurdyr diýdi.

Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putin" hem şu telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň geçen ýyl rekord derejä ýetendigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Raşt-Astara demir ýolunyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine we Eýranyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Russiýanyň demir ýollaryny biri-birine birikdirjekdigine umyt bildirmek bilen we bu ýurtlaryň arasyndaky söwda biresalarynyň ösmegine edýän möhüm täsirine salgylanyp, Eýrany Russiýanyň strategiki hyzmatdaşy hasaplady.