"Noor 3" surat alyjy hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy
(last modified Wed, 27 Sep 2023 09:47:34 GMT )
Sep 27, 2023 14:47 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we Maglumat Tehnologiýasy ministri "Noor 3" surat alyjy hemrasynyň üstünlikli uçurylandygyny habar berdi.

Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri "Isa Zarepour" Noor 3  surat alyjy hemrasynyň sosial ulgamda üstünlikli uçurylandygyny habar berdi.

Yslam Rewolýusiýanyň Gorag Korpusy kosmiki Güýçleriniň hünärmenleriniň tagallasy bilen, “Noor 3” emeli hemrasy Eýranyň “Qased” daşaýjy hemrasy bilen ýeriň 450 km orbitasyna üstünlikli ýerleşdirildi diiýp "Isa Zarepour" yglan etdi.

Zarepour bu ýyl ýurduň kosmos senagaty üçin hasylly ýyl bolar diýip sözüne goşdy.