Sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagynyň şowsuzlyga uçrandygy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy, Sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagynyň şowsuzlyga uçrandygyny nygtadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy"Hezreti Aýatolla Hameneýi", Yslam duzgunyň jogapkärleri, yslam ýurtlarynyň ilçileri we Agzybirlik konferensiýasynyň myhmanlary we dürli gatlakdaky adamlar topary bilen bolan duşuşygynda Sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagynyň, utulan atyň üstünde jedel etmek ýaly şowsuzlyga uçurajakdygyny ,sebäbi häzirki wagtda Palestina hereketiň öňküsinden has janly we taýyndygyny nygtadylar.
Hezreti Muhammet Mustafa (saw)-yň we Ymam Jafar Sadyk (as)-yň doglan gününiň mübärek ýyl dönüminde geçirilen bu ýygnakda "Hezreti Aýatolla Hameneýi", Yslam dünýäsiniň ähli ýolbaşçylaryny we şahsyýetlerini Jebislik meselesinde wajyp pikirlenmäge çagyrdylar. Yslam rewolýusiýasynyň ýokary Derejeli ýolbaşçysy"Hezreti Aýatolla Hameneýi sebitiň beýleki meselesi, ýagny sionist režimiň Palesinalylara garşy yzygiderli jenaýatlary bilen baglanyşykly hem häzirki zamanda bu režimden diňe Eýran Yslam Respublikasynyň däl-de, eýsem Müsür,Siriýa,Yrak we onuň töweregindäki ähli ýurtlaryň hem ýigrenç we gahar-gazap bildirýändiklerini aýtdylar. Yslam ymmatynyň arasynda bölünişik döretmek bilen duşmanlar Kudusy basyp alýan režimi üçin kanunylyk döretmegi isleýändirler.Aslynda, sebitde sionist režimiň döredilmeginiň esasy sebäplerinden biri yslam milletiniň dünýäde häkimiýete eýe bolmagynyň öňüni almakdyr we şonuň üçin sionistleri güýçlendirýän we musulmanlary gowşadýan bu režim bilen islendik gatnaşyk , dönüklik we ösüşe we ygtyýara päsgelçilikdir.
Hakykat, käbir arap we yslam ýurtlary soňky ýyllarda sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny alyp barýarlar.BAE, Bahreýn, Magreb we Sudan bu ýurtlardyr.
Emma Sionist režimi bilen gatnaşyklaryň hiç haçan howpsuzlyk çeşmesi bolman, sebitdäki howplaryň güýçlenmegine we Yslam ýurtlaryndaky hökümet bilen halkyň arasyndaky boşlugyň çuňlaşmagyna sebäp bolandygyna şek ýokdyr.
Ýene bir möhüm mesele, Sionist režimiň häzirki ýagdaýy, erbetdir. Sionist jemgyýetiniň we bu režimiň syýasy işgärleriniň içerki tapawutlary we bölünişikleri ýokarydyr.