Palestindäki wakalar barada Eýranyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň maslahaty
(last modified Sun, 08 Oct 2023 09:56:01 GMT )
Oct 08, 2023 14:56 Asia/Ashgabat
  • Palestindäki wakalar barada Eýranyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň maslahaty

Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Palestindäki wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

2023-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda, şenbe güni Palestina garşylyk güýçleri "Al-Aqsa tupany" operasiýasynda raketa hüjümleri bilen Tel Awiw, Aşdod ýaly basyp alnan ýerleri nyşana aldylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian we Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Palestindäki wakalar barada pikir alyşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde iki tarap Palestindäki soňky wakalara baha bermek bilen bir hatarda palestina halkynyň hukuklaryna hormat goýmagyň möhümdigini aýtdylar.

Bu telefon söhbetdeşliginde Amir Abdullahian garşylyk hereketini öz-özünden we sionist regimiň Palestina garşy alyp barýan yzygiderli jenaýatlarynyň netijesi diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri, şeýle hem Mukaddes Kudsy we ezilen we çydamly Palestina halkyny goldamakda yslam ýurtlarynyň agzybirliginiň zerurdygyny aýtdy.