prezident Ruhani Türkmenistanyň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2348-prezident_ruhani_türkmenistanyň_taryhy_we_dini_mekanlaryny_ýakyndan_baryp_gördi
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinde bu ýuryň Mary şäheriniň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 28, 2018 13:21 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Türkmenistanyň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkmenistana gurnan saparynyň gidişinde bu ýuryň Mary şäheriniň taryhy we dini mekanlaryny ýakyndan baryp gördi.

şu gün Prezident hasan Ruhani Türkmenistanyň Mary şäherinde ymam Reza(as)yň gadamgähini zyýarat edenden  soňra habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde gadymy şäherlerden bolan Mary şäheri taryhda ýörite ähmiýete eýedir sebäbi bu şäher ylmyň we medeniýetiň asly ojagy hasaplanýardy we onda uly kitaphanalar bardy diýip nygtady.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda Mary şäherindäki yslam pygamberiniň sahabalarynyň bir näçesiniň mazarlaryna yşarat edip ymam Sajjad(as)yň oglynyň aramgähi hem Marydadyr diýip beýan etdi.

Ruhani şeýle-de Mary şäheri Eýranlylar üçin hem taryhy hemde mukaddes şäher hasaplanýandyr diýip sözüne goşdy.

Eýranyň döwlet baştutany Türkmenistanyň Mary şäherinde ýerleşen Muhammet Zeid Bin Zin Al-Abedin(as)yň,haj Ýüsüp Hemedanyň hemde Seljuklaryň soňky sultany Sultan Sanjaryň gabyrlaryny zyýarat etdi.

prezident ruhani iki taraplaýyn,sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada Türkmen resmileri bilen gürrüň etmek üçin sişenbe güni Aşgabada bardy.döwlet baştutanymyz şu gün Türkmenistan saparyny tamamlap Azerbaýjan respublikasynyň paýtagty Bakua bardy.