Amerika ,jenaýatçylygyň kesgitli hyzmatdaşydyr diýip ýolbaşçylygyň beýan etmekleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23508-amerika_jenaýatçylygyň_kesgitli_hyzmatdaşydyr_diýip_ýolbaşçylygyň_beýan_etmekleri
Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, sionist režimiň yzygiderli jenaýatlarynyň öňünde Gazanyň halkynyň sabyrlylygyny we güýjini gadyrladylar.
(last modified 2023-10-27T17:20:16+00:00 )
Oct 27, 2023 22:20 Asia/Ashgabat
  • Amerika ,jenaýatçylygyň kesgitli hyzmatdaşydyr diýip ýolbaşçylygyň beýan etmekleri

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, sionist režimiň yzygiderli jenaýatlarynyň öňünde Gazanyň halkynyň sabyrlylygyny we güýjini gadyrladylar.

 

Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, sionist režimiň yzygiderli jenaýatlarynyň öňünde Gazanyň halkynyň sabyrlylyk we güýç bilen durandygyny nygtap ,Amerika Birleşen Ştatlaryň başlyklarynyň Sionist Režimine yzygiderli gitmekleriniň  Angliýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly döwletleriň we beýleki erbet we eziji ýurtlaryň, bu basyp alyjy režimiň dargamagynyň öňüni almaga synanyşmaklarydygyny aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi, ýurduň Lorestan welaýatynyň 6555 şehitleri hatyralama kongresine gatnaşyjylar bilen bolan duşuşygynda Amerikany sionist jenaýatçylaryň kesgitli şärigi atlandyrdylar we "Amerikalylaryň elleri Gazzanyň çagalaryň aýallarynyň we beýleki şehitleriniň gany bilen boýaldy, we aslynda Amerikalylar bu jenaýatlary dolandyrýarlar diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň aýdan sözleri, Palestindäki bolup geçýän wakalaryň hakykatdygyny görkezýär, bu basyp alyjy režimiň jenaýatlaryny doly goldamakda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar ýurtlarynyň roluny ýene bir gezek açyp görkezýär.

Indi, Al-Aksa tupany operasiýasynda Sionistler palestinalylaryň öňünde masgaraçylykly harby, howpsuzlyk we aňtaw taýdan şowsuzlyga uçradylar,şol sebäpli bu režim jogap hökmünde döwrebap bomba we raketalary bilen Gazza zolagynyň ýaşaýyş we möhüm infrastrukturasyny nyşana aldy. Netijede mezzende 7000 palestinaly şehit boldy we 20 000-den gowrak adam ýaralandy. Şol bir wagtyň özünde Gazzadaky sionistleriň nesil gyrmaklaryny ABŞ we Ýewropa ýurtlary  goldadylar we halkara guramalaryň hereketsizligi bilen beýle agyrlyk bilen bu režim bu jenaýatlaryny dowam edip bilmezdi. Amerikaly resmileriň, şol sanda prezidentiň, daşary işler ministriniň we Goranmak ministriniň Tel Awiwa yzygiderli saparlary we olaryň, Sionist režiminiň söweş ministr kabinetiniň maslahatlaryna gatnaşmaklary soňky 75 ýylda görlüp-eşidilmedik wakalardyr. Bu bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gazza uruşdaky esasy ornuny we gatnaşygyny aýdyň görkezýär.