Raisi: Häzirki wagtda, Palestina halky dünýäniň, esasanam yslam ýurtlarynyň netijeli goldawyna mätäçdir
(last modified Sat, 28 Oct 2023 12:01:51 GMT )
Oct 28, 2023 17:01 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Häzirki wagtda, Palestina halky dünýäniň, esasanam yslam ýurtlarynyň netijeli goldawyna mätäçdir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Kataryň emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde häzirki wagtda Palestina halky dünýäniň, esasanam yslam ýurtlarynyň netijeli goldawyna mätäçdigini aýtdy.

Eýran Respublikasynyň Prezidenti "Saýed Ebrahim Raisi" şu gün (şenbe) Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ezilen Palestina halkyny goldamak üçin amaly çözgütleri ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Raisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar ýurtlarynyň sionist režime berýän goldawyny bu ýurtlaryň Gazada bu režimiň jenaýatlaryny amala aşyrmagy üçin ýaşyl yşyk hökmündedigini düşündirmek bilen häzirki wagtda, Sionist režiminiň söweş maşynynyň jenaýat we genosid işleriniň dowam etdirilmegini togtatmak üçin, Palestina halky dünýäniň täsirli goldawyna we esasanam Yslam ýurtlarynyň agzybirligine mätäçdir diýdi.

Raisi Sionist režimiň palestinaly aýal-gyzlary we çagalary öldürmekde görlüp-eşidilmedik jenaýatlaryna hem-de suwy we elektrik toguny kesip, azyk we derman serişdeleriniň Gaza şäherine girmeginiň öňüni alyp, gumanitar ýagdaý döretmegine salgylanyp, Palestina ezilen halkyny goldamak üçin yslam ýurtlarynyň aýgytly, bitewi we aýdyň pozisiýasyny kabul etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Prezident Raisi günbatar ýurtlarynyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sionist  režime berýän goldawyny bu ýurtlaryň bu jenaýatlary amala aşyrmagy üçin ýaşyl yşyk diýip düşündirdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Kataryň emiri Gazadaky häzirki wakalary Günbatar ýurtlarynyň goşa we dawa syýasatlarynyň subutnamasy hasaplamak bilen sebitdäki ýurtlar we yslam ýurtlary sionist režimiň söweş maşynyny agzybirligi bilen saklap bilerler diýdi.

Kataryň emiri, öz ýurdunyň Palestina milletiniň öz ykbalyny kesgitlemek we öz-özüni goramak hukugyny goldamakdaky pozisiýasyna ünsi çekmek bilen Sionist režimi ähli halkara düzgünleri we gumanitar esaslary bozdy we haýsydyr bir jenaýat etmekden çekinmeýär diýdi.