Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
(last modified Sat, 04 Nov 2023 08:33:06 GMT )
Nov 04, 2023 13:33 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Gazagystanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we şu gezekki sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýandygyny, onuň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Doganlyk ýurduň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, gazak-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär we strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Baştutanyna çakylygy, mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitiniň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň, onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen-gazak dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde söhbetdeşler Garaşsyzlyk ýyllarynda iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen aýtdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu günki duşuşygyň iki ýurduň özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze itergi bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.

iki ýurdyň halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň halkara, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň, köplenç, golaý ýa-da gabat gelýändigini aýratyn bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, söwda gatnaşyklarynda ep-esli ulanylmaýan mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek üçin bu mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip eden anyk çäreleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamy duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň strategik tarapy boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bellenilişi ýaly, umumy tagallalar arkaly ýurtlaryň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertler döredilýär.

 Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental demir ýol gatnawynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn peýdalanmak boýunça utgaşdyrylan çäreleri dowam etdirmegiň örän möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Pars aýlagynyň portlaryna çykmak bilen, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesini döretmegiň netijelidigi nygtaldy. Söhbetdeşler Türkmenbaşy we Aktau portlarynyň arasynda gatnawlary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny-da nygtadylar.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şu maksat bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Söhbetdeşler elektroenergetika babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe şu gün Türkmenistanyň Baştutanynyň Balkan welaýatynda kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berendigini habar berdi. Täze desga Hazar deňziniň kenarynda, türkmen-gazagystan serhedinden, takmynan, 250 kilometrlikde gurlar we ol Gazagystana türkmen elektrik energiýasyny ibermek üçin goşmaça mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orun eýeleýär. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny döredýär. Bellenilişi ýaly, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri Türkmenistanda hem-de Gazagystanda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar, Medeniýet we kino günleri, bilelikdäki konsertler, maslahatlar, sergiler, festiwallar geçirilýär. Bularyň ählisi iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagyna, köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram ediljekdigini belledi. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde duşuşyklar, forumlar, şol sanda bu guramanyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we gazagystanly dostlarymyzy bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.