Nov 08, 2023 17:45 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Täjigistanyň arasynda 18 hyzmatdaşlyk resminamasyna we bilelikdäki beýannama gol çekildi

Eýranyň we Täjigistanyň prezidentleri we ýokary wezipeli adamlary bilelikdäki beýannama we 18 hyzmatdaşlyk resminamasyna we memoranduma gol çekdiler.

Eýran Yslam Respublikasy bilen Täjigistan arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekişlik dabarasynda Seýid Ebrahim Raisi we Emomali Rahman strategiki we uzak möhletli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada bilelikdäki beýannama gol çekdiler.

Şeýle hem, Eýranyň we Täjigistanyň ýokary wezipeli adamlary iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda 18 hyzmatdaşlyk resminamasyna we memoranduma gol çekdiler.

2023-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli uzak möhletleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ýol kartasynda özara düşünişmek Memorandumy, wizany ýatyrmak, neşe gaçakçylygyna garşy göreş, transport we tranzit, krizis dolandyryşy, Umumy erkin zona döretmek, Medeniýet we sungat, Ýokary bilim, tehnologiýa gözlegleri we innowasiýa, poçta hyzmatlary, Täjigistanyň  Hujand we Ýazd şäherleriniň arasynda sport işleri, resminamalaryň we Eýran Yslam Respublikasy bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk memorandumlaryna iki ýurduň resmileri gol çekdiler.

bu hyzmatdaşlyk resminamalara Daşary işler ministrleri, güýç we Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet ministrleri bilen Täjigistanyň Ykdysady ösüş, medeniýet, bilim, ulag we senagat ministrleri tarapyndan gol çekilendir.

Tags