Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri harby ösüşiň dowam etmegine ünsi çekdiler
(last modified Sun, 19 Nov 2023 17:47:29 GMT )
Nov 19, 2023 22:47 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri harby ösüşiň dowam etmegine ünsi çekdiler

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Ynkylap goragçylarynyň aerokosmos güýçleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisine baryp görenlerinde, şeýle ylmy üstünlikleriň gazanylmagyny tutanýerlilige we imana esaslanýan höwesiň netijesi diýip hasapladylar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri "Hezretleri Aýatolla Hameneýi", Ynkylap goragçylarynyň aerokosmos güýçleriniň gazanan üstünlikleriniň sergisine baryp görenlerinde, şeýle ylmy üstünlikleriň gazanylmagyny tutanýerlilige we imana esaslanýan höwesiň netijesi diýip hasapladylar we ýaşlarymyz nirede bolsa-da tutanýerlilik we iman bilen uly işler edip bildiler we bu sergide tutanýerliligiň we imanyň alamatlary aýdyň görünýär diýdiler.

Yslam Rewolýusiýa ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi "Hezretleri Aýatolla Hameneýi", Aşura Aerokosmos Ylymlar we Tehnologiýalar Uniwersitetiň jogapkärleriniň we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Aerokosmos Güýçleriniň serkerdeleriniň ýygnagynda çykyş etdler.

Goranmak we kosmos bölümlerini öz içine alýan bu sergide ýaş alymlaryň we IRGC Aerokosmiki güýçleriniň hünärmenleriniň täze üstünlikleri Raketalar, pilotsyz uçarlar,  görkezildi.

Bu sergide Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň bolmagy bilen bir wagtyň özünde "Fattah 2" gipersonik kruiz raketasy, "Mehran" ykjam goranyş ulgamy we döwrebaplaşdyrylan "9-DEÝ" ulgamy, şeýle hem "Şahid 147" pilotsyz uçary ulanylşa berildi.

Sputnik raketalary we emeli hemralary kosmosa ibermek babatynda soňky çäreler we ösüşler bu serginiň başga bir böleginde görkezildi.

Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusynyň Aerokosmos güýçleri 1388-nji hejri şämsi ýylda IRGC howa güýçlerine kosmos bölümini goşmak bilen döredildi; "Nehsa" lakamly bu güýç, howa operasiýalaryna we çärelere goşmaça IRGC-nyň raketa we kosmos missiýalaryna jogapkärdir.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň howa giňişliginde gazanan üstünlikleri şol sanda raketalar, pilotsyz uçarlar, emeli hemralar we goranmak pudagynyň enjamlary gaty   täsirli boldy .

 Häzirki  sergide "Fattah 2" gipersonik raketa ,göçme howa goranyş ulgamy we HGV diýlip atlandyrylýan Eýranyň ballistik raketasynyň täze görnüşi tomaşa goýuldy.  

"Hezreti Aýatolla Hameneýi", IRGC Aerokosmos güýçleriniň sergisine eden sapary wagtynda ýaragly güýçleriň hereketini we ösüşini çalt we amatly diýip atlandyrdy we bu tizligi we hereketi haýallatmazlygyň zerurdygyny aýtdylar.