Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň, söweş güýçlerini ýokarlandyrmaga berýän ünsleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23830-rewolýusiýanyň_ýokary_derejeli_ýolbaşçysynyň_söweş_güýçlerini_ýokarlandyrmaga_berýän_ünsleri
Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy, ýurduň söweş güýçleriniň we goşun deňiz flotunyň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyny nygtadylar.
(last modified 2023-11-29T12:16:24+00:00 )
Nov 29, 2023 17:16 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň, söweş güýçlerini ýokarlandyrmaga berýän ünsleri

Rewolýusiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy, ýurduň söweş güýçleriniň we goşun deňiz flotunyň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyny nygtadylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Eýranyň goşun serkerdesi we Eýran Yslam Respublikasy goşunyň deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň bir topary bilen bolan duşuşygynda deňiz güýçleriň Deňiz esasly ykdysady syýasatlary durmuşa geçirmäge kömek etmäge yslam ulgamyň we ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga, jemgyýetde ýaşaýyş we umyty döretmäge köp mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar.

Eýranda 7-nji Azarda Harby-deňiz güýçleri günidir.Bu mynasybetli düýin 9-nji noýabrda geçirilen bu ýygnakda Eýran Ýaragly Güýçleriň Ýokary Serkerdesi Aýatolla Hameneýi, Harby-deňiz güýçleriniň ynkylap başyndan şu wagta çenli ösüşini diýseň täsin atlandyryp,rewolýusiýanyň ilkinji ýyllarynda territorial suwlaryň aňyrsynda goşun deňiz flotunyň bolmagy göz öňüne getirip bolmaýardy, ýöne indi goşun deňiz güýçleri güýç bilen 360 gradus aýlanyp, buýsanç bilen ýurda gaýdýar diýdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Harby deňiz güýçleriniň batyr harbylarynyň, 1359-njy hejri şämsi ýylyň 7-nji Azarynda Yrak Baas goşunynyň deňze we howa hüjümine garşy Morwarid operasiýasynda üstünlik gazanmagy mynasybetli bu gün Eýranda Harby-deňiz güni diýlip atlandyryldy.

Deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda ýerli ýok ediji "Dilman" harby gämi -yň demirgazyk flotuna we goşun deňiz flotunyň dördünji sebitine goşulmak dabarasy Harby we ýurt işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.Bu bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş pudaklarynyň güýjüni subut etdi.

Bu eýranly ýok ediji harby tiz gämi, ýurduň içinde gurlandyr we dürli goranyş we söweş enjamlary we ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr we uzak aralyga nawigasiýa bilen birlikde gözlemek, tapmak, kesgitlemek, gözegçilik etmek, garşy durmak we zerur bolsa, howa, ýerüsti we ýerüsti howplary ýok etmäge ukyplydyr. Şübhesiz, deňiz ygtyýarlylygy we güýçli we täsirli deňiz güýçleri bolmak diňe bir milli bähbitleri goramakda we goranyş maksatlaryna ýetmekde möhüm täsir edip bilmez, üstünlikli goranyş syýasatyny gazanmakda hem täsirli  bolup biler. Yslam Respublikasy, Hindi ummanynyň demirgazygynda ýerleşmegi, Pars aýlagyna, Hormuz bogazyna, Oman deňzine we Hazar deňzine ýakynlygy sebäpli sebitde we dünýäde aýratyn geosyýasy we deňiz pozisiýasyna eýedir. Bu bpolsa deňiz flotunyň ähmiýetini we roluny iki esse artdyrýar.