Tähranyň juma namazynyň hatyby: Howpsuzlyk we mümkinçilikleri artdyrmak Basijiň logikasynyň iki esasy sütünidir
(last modified Fri, 01 Dec 2023 12:10:56 GMT )
Dec 01, 2023 17:10 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Howpsuzlyk we mümkinçilikleri artdyrmak Basijiň logikasynyň iki esasy sütünidir

Tähranyň juma namazynyň ymamy Howpsuzlyk we ösüş üçin mümkinçilikler döretmek üçin mümkinçilikleri artdyrmak Basijiň logikasynyň iki esasy sütüni diýip agzady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Şu hepde Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Hojjatul-Islam "Muhammet Jawad Haj Ali Akbari" Basijiň pikiriniň serhetlerden geçendigini we diňe Eýran bilen çäklenmeýändigini aýdyp, şu gün Palestindäki garşylyk, Basijiň öňdebaryjy pikiriniň netijesidir diýdi.

Hajjatul-Islam, Haj Ali Akbari şeýle-de Gazadaky wakalara salgylanyp Al-Aqsa tupan operasiýasy Amerikadan ara açmaklygyň başlangyjydyr diýdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Gaza söweşinde, garşylyk okunyň arkasynda dag ýaly bolup gahryman Ýemenden Liwanyň Hizbullahynden, Yragyň Haşd al-Şaabi we Siriýanyň garşylygyndan Eýrana çenli Palestina halky bilen birlikde garşylyk ulgamynyň utgaşdyrylanlygyna şaýat bolduk bu bolsa hemmeleri geň galdyrdy diýip beýan etdi.

Hajatul-Islam Ali Akbari sözüniň dowamynda Gaza söweşinde Amerikalylaryň we Sionistleriň aşa utançsyzlygyndan we biabraýlygyndan we elbetde terrorçy bolmakdan başga-da, Sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kesmek islemeýän käbir musulman ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bigaýratlygy aýan boldy diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy käbir halkara guramalarynyň hereketsizligini tankytlamak bilen Sionist režimiň galp kuwwatlylygy we içerki gowşaklygy bu söweşde dünýä subut edildi diýdi.