Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi: Palestina halkynyň uzak möhletleýin görgülerinde Britaniýa möhüm rol oýnady
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili, Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Iňlis wekiliniň Eýrana garşy esassyz aýyplamalaryny ýazgarmak bilen Palestina halkynyň uzak möhletleýin görgülerinde we rahatsyzlyklarynda Britaniýa möhüm rol oýnady diýdi.
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Palestina baradaky mejlisinde Iňlis resmisi "Tarek Ahmed" Eýranyň Palestindäki wakalarda oýnaýan roly baradaky aýyplamalary ýaýradyp Günbatar Aziýada Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryň abanýan howplarynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary "Antonio Guterreş"-e şeýle hem Howpsuzlyk Geňeşiniň aýlaw başlygy hökmünde Ekwadoryň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisine hat ýazyp BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda "Günbatar Aziýanyň ýagdaýy, şol sanda Palestina" ady bilen geçirilen köpçülikleýin ýygnagynda Iňlis wekiliniň Eýrana garşy esassyz aýyplamalaryny berk ýazgaryp ret edýändigini yglan etdi.
Bu hatda şeýle-de Iňlis resmisi Tarek Ahmed, bu ýygnakda eden çykyşynda, Günbatar Aziýanyň häzirki ýagdaýynda öz ýurdunyň jogapkärçiligini we durnuksyzlaşdyrýan syýasatlaryny äsgermezlik edip Eýran Yslam Respublikasyny günäkärlemäge synanyşdy diýip getirilýär.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi şeýle-de Palestina halkynyň uzak möhletleýin görgülerinde we rahatsyzlyklarynda Britaniýa möhüm rol oýnandyr, Bu synagyň elhenç köklerini palestinalylar üçin bir asyr töweregi kynçylygyň başlangyjy bolan Balfur Jarnamasyndan alyp bolar diýdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentinden bu haty Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde bellige almagyny isledi.