Ýemen Ansarullah: Eýran Palestina meselesinde iň wepaly yslam döwleti boldy
(last modified Tue, 11 Feb 2025 07:28:02 GMT )
Feb 11, 2025 12:28 Asia/Ashgabat
  • Ýemen Ansarullah: Eýran Palestina meselesinde iň wepaly yslam döwleti boldy

Ýenemeniň Ansarullah hereketiniň metbugat sekretary Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Palestindäki we Liwandaky garşylyk hereketlerine berýän goldawyna ünsi çekip, Ynkylapdan bäri Eýran Palestina meselesinde iň wepaly yslam döwleti boldy diýdi.

Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygyndaky Eýran Yslam Rewolýusiýasy 1979-njy ýylyň 11-nji fewralynda ýeňiş gazandy we Eýranyň we sebitiň taryhynda öwrülişik nokadyna öwrüldi.

Pars Today-iň habaryna görä, Ýemeniň Ansarullah hereketiniň metbugat sekretary Muhammet Abdul Salam duşenbe güni eden çykyşynda Eýranyň ýolbaşçylaryna, hökümetine we halkyna Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň 46 ýyllygyny gutlady we Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, global ulumsylygyň güýçlerine garşy yslam we adamzat gymmatlyklarynyň ýeňşini görkezýändigini aýtdy.

Abdul Salam şeýle hem Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy, Palestindäki we Liwandaky garşylyk hereketlerini ilkibaşdan goldaýar we Palestina meselesine iň wepaly yslam döwleti hökmünde goldawyny dowam etdirýär diýdi.