Raisi: Palestina adamzat dünýäsiniň ilkinji meselesine öwrüldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24170-raisi_palestina_adamzat_dünýäsiniň_ilkinji_meselesine_öwrüldi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Al-Aqsa tupany halkara konferensiýasynda eden çykyşynda Palestina adamzat dünýäsiniň ilkinji meselesine öwrüldi diýdi.
(last modified 2024-01-14T10:27:39+00:00 )
Jan 14, 2024 15:27 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Palestina adamzat dünýäsiniň ilkinji meselesine öwrüldi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Al-Aqsa tupany halkara konferensiýasynda eden çykyşynda Palestina adamzat dünýäsiniň ilkinji meselesine öwrüldi diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Prezident Seýid Ebrahim Raisi şu gün (ýekşenbe) Tähranda başlanan "Al-Aqsa tupany we adam aňynyň oýanmagy" atly ilkinji halkara konferensiýasynda Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) Palestina Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesidigini we mukaddes Kudsyň erkinliginiň Yslam dünýäsinde ileri tutulýandygyny aýtdylar diýmek bilen bu jemagat Yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesi bolan Palestina bilen iş salyşmak üçin döredildi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti garşylyk we berk durmagy Palestina meselesiniň çözgüdi hasaplamak bilen egerde zulumly akym, logika we gepleşigi kabul etmese, ýeke-täk logika garşylykdyr diýdi.

Raisi şeýle hem häzirki wagtda Palestina Al-Aqsa söweşinde ýeňiji boldy we sionist režim we onuň tarapdarlary bu söweşde ýeňildiler diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň syýasatynda Palestina we garşylyk toparlaryny goldamak gün tertibindedir, Bütin dünýäde ezilen adamlara biperwaý garap bilerismi? Özlerini, dinlerini we maşgalalaryny kanuny goraýanlara goldaw bermelidiris diýip Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti aýtdy.

Raisi basyp alyşlygyň bes edilmelidigini we basybalyjynyň jezalandyrylmalydygyny we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmalydygyny aýtmak bilen dowamly basyp alyş, eýeçilik we kanunylyk getirmeýär diýdi.

soňda Prezident Raisi Palestinanyň diňe bir yslam ymmatynyň aladasy däldigini we global meselä öwrülendigini aýtdy.