Eýran bilen Pakistanyň terrorçylyga garşy göreşi nygtamaklary
Eýranyň Daşary işler ministri Pakistanyň wagtlaýyn hökümetiniň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasynda terrorçylyga garşy göreş meselesinde öňki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.
Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Dawos Bütindünýä sammitiniň çäginde Pakistanyň Wagtlaýyn hökümetiniň premýer-ministri Anwar Al-Hak bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha artýan tendensiýasyndan hoşaldygyny aýtdy we şeýle diýdi: “Eýran Pakistan bilen energiýa, nebit, gaz we elektrik pudagynda.hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyr."
Pakistanyň premýer-ministri Anwar Al-Hak hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary möhüm diýip häsiýetlendirdi we Tähran bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.