Britaniýanyňilçisi Eýranyň daşary işler ministrligine çagyryldy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Mosawi Britaniýanyň deňiz güýji tarapyndan jabal Al-Tareg bogazynda Eýranyň nebit daşaýan bir gämisiniň bikanun tärde togtadylmagynyň yzy bilen Britaniýanyň Tehrandaky ilçisi daşary işler ministrligine çagyryldy diýip yglan etdi.
şol bir wagtda Spaniýanyň daşary işler ministrliginiň jogapkäri Joseb Borl Eýrandan ugran nebit daşaýan gäminiň öňüne geçilmegi Amerikanyň , Britaniýa bildiren islegi esasynda bolandyr diýdi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat jogapkäri Federika Mugeriniň oruntutary wezipä bellenen Joseb Borl Madrid döwleti ýaňky gäminiň togtadylmagyny we bu meseläniň Spaniýanyň toprak bitewiligine galdyrýan täsirlerini barlaýar diýdi.
onuň aýtmagyna görä ýaňky nebit daşaýan gäminiň ýatyrlmagy Spaniýanyň häkimiýeti astyndaky suwlarda bolandyr.