Feb 03, 2024 17:22 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti 11 Eýranyň emeli hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy Amerikan we Günbatar tarapyndan Yslam Respublikasyna garşy girizilen sanksiýalary ýeňdi diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (şenbe) Eýranyň kosmos tehnologiýasy gününiň dabarasynda kosmosda bolmagyň güýç, umyt we baýlyk getirýändigini aýtmak bilen Eýrany sanksiýalar bilen saklamaga we izolirlemäge synanyşdylar, emma 11 emeli hemranyň üstünlikli uçurylmagy sanksiýalary we Eýran Yslam Respublikasyny izolirlemek meýilnamasyny ýeňdi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ähli howplara we sanksiýalara garamazdan howplary we sanksiýalary mümkinçiliklere öwürmegiň täsirlerinden biri (emeli hemralary uçurmak) işidigini aýtmak bilen bu gymmatly hereket ýaşlaryň we hünärmenleriň, alymlaryň we Eýranyň ýaragly güýçleriniň hyzmatdaşlygy bilen amala aşyryldy we buýsanç döredildi diýip beýan etdi.

Raisi, Eýran Yslam Respublikasynyň howa we kosmos pudagy boýunça dünýäniň iň gowy 10 ýurdunyň hataryna girendigini sözüniň üstüne goşdy.

Tags