Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i245-türkmenistan_bilen_gatnaşyklaryny_ösdürmäge_eýran_taýýardyr
Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahindi goňşy ýurtlar ylaýtada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Tehran döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Nov 16, 2017 18:09 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran taýýardyr
    Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Eýran taýýardyr

Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahindi goňşy ýurtlar ylaýtada Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge Tehran döwletiniň taýýarlygyny yglan etdi.

Abbas Ahindi Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyňpaýtagty Aşgabada sapar etdi.

iki günlik bu maslahata 40 ýurduň ýokary derejeli ykdysady resmileri we sebit hemde halkara guramalaryň 30-synyň wekilleri gatnaşdylar.

Abbas Ahindi Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Abbas Ahindi bu duşuşykda Eýran ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary ýeňilleşdirmek hemde türkmenistanyň ýük maşynlarynyň gatnawyny aňsatlaşdyrmak niýeti bilen täze salgytlary göz öňüne aljakdyr diýip yglan etdi.

Ahindi şeýle-de Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty guramalaşdyrlan şeklinde geçirlendir diýmek bilen bu maslahat Owganystanda we sebitde parahatçylygyň berkarar edilmegine ýardam etjekdir diiýp nygtady.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem bu duşuşykda Eýran bilen Türkmenistanyň syýasy gatnaşyklary doganlyk we hoşniýetli goňşyçylyk esasyndadyr we onuň dogrysynda iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlyklary ösdürilmelidir diýip nygtady.