Tähranyň juma namazynyň hatyby: Sionist režimi jenaýatyň nyşanyna öwrüldi
(last modified Fri, 05 Apr 2024 14:15:34 GMT )
Apr 05, 2024 19:15 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Sionist režimi jenaýatyň nyşanyna öwrüldi

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Sionist režimiň palestinaly aýal-gyzlary we çagalary öldürmekde eden jenaýatlaryna salgylanyp, galp we çagalary öldürýän sionist režim halkara hukuk ulgamynda jenaýatyň nyşanyna öwrüldi diýdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, şu gün Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Hojat ul-Islam "Saýed Muhammet Hasan Abu Torabifard" Tähranyň juma namazynda beren gürrüňlerinde Kuds güni ýörişi, Palestinanyň yhlasly halky üçin güýçli we üýtgeşik goldaw we Gaza zolagynda birinji hatardaky Mujahidlera bolsa uly kömek hasaplady.

Tähranyň Juma namazynyň hatyby Al-Aqsa tupan operasiýasynyň (2023-nji ýylyň 7-nji oktýabry) sionist režimiň we onuň tarapdarlarynyň harby, syýasy we ykdysady gurluşynda ýer titremesini döredendigini aýtmak bilen Amerikanyň global pozisiýasy we sebitdäki ýagdaýy howp astyndadyr we sionist režimi uly şowsuzlyklary başdan geçirýär diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby şeýle-de Sionist režimiň Eýranyň Damaskdaky konsullyk bölümine eden hüjümindäki terrorçylykly hereketine salgylanyp, bu çäräni Ysraýylyň Gaza söweşiniň dartgynlylygyndan çykmak synanyşygy hasaplady we Tel Awiwiň ýykylan howpuny dikeltmek ugrundaky Damaskdaky umytsyz hereketleriň strategiki we harby ähmiýeti ýok diýip belläp geçdi.