Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň soňky ýagdaýy barada söhbetdeşligi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i24698-eýranyň_we_saud_arabystanynyň_daşary_işler_ministrleriniň_ikitaraplaýyn_gatnaşyklaryň_iň_soňky_ýagdaýy_barada_söhbetdeşligi
Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýyny we sebitdäki özgerişleri ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2024-04-11T08:42:42+00:00 )
Apr 11, 2024 13:42 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň soňky ýagdaýy barada söhbetdeşligi

Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýyny we sebitdäki özgerişleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gidişine ünsi çekmek bilen, Eýranyň mümkin boldugyça gatnaşyklary ösdürmek islegini nygtady.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri hem sebit we halkara gatnaşyklarynyň we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.

Taraplar Gaza zolagynda bolup geçen wakalara-da üns berdiler we sionist režimiň uruş jenaýatlaryna we Gazanyň we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky halkyň jebir-jepalarynyň bes edilmegini nygtadylar.

Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleri hem telefon arkaly söhbetdeşlikde sebitdäki soňky wakalary ara alyp barladylar.

Eýranyň Daşary işler ministri we Yragyň Daşary işler ministri hem iki ýurduň arasyndaky strategiki we çuňňur gatnaşyklara yşarat edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebit we halkara hyzmatdaşlygy mümkin boldugyça giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ünsi çekdiler.