Apr 23, 2024 14:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti, Eýran bilen Päkistanyň arasyndaky umumy serhetleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Päkistanyň arasyndaky umumy serhetleriň mümkinçiliklerini we ukyplaryny iki ýurduň bähbidine ulanmaga ünsi çekdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi  şu gün Pakistan Respublikasynyň prezidenti Asif Ali Zardari bilen bolan duşuşygynda Eýran we Päkistan döwletleriniň dini, medeni we siwilizasiýa umumylyklaryny möhüm hasaplamak bilen gatnaşyklary berkitmek we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin esas goýýan faktorlardyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň we Päkistan Yslam Respublikasynyň häkimiýetleriniň söwda we ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ösdürmek we gowulaşdyrmak baradaky tutanýerliligini nygtamak bilen durnukly howpsuzlygy üpjün etmegi ykdysady maksatlara ýetmek üçin talaplaryň biri hasaplady.

Raisi sözüniň dowamynda Palestina meselesini Yslam dünýäsiniň ilkinji meselesi hökmünde agzap indi bolsa adamzat dünýäsiniň ilkinji meselesine öwrülendigini aýtmak bilen häzirki wagtda Ymam Homeýniniň mukaddes Kudsy azat etmek baradaky beýik maksady ähli musulman we erkin halklarynyň islegine öwrülendigine yşarat edip yslam hökümetleriniň hemmesi bu ugurdaky borçlaryny ýerine ýetirmelidir diýdi.

Asif Ali Zardari hem Eýranyň we Pakistanyň iki döwletiniň Ahl al-Baýta (a.s), esasanam Hezreti Reza (a.s.) -a bolan söýgüsini iki ýurduň arasyndaky doganlygyň çuňlaşmagyna sebäp hasaplady we ýurdunyň ähli ugurlar boýunça Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýandygyny belläp, Päkistan häkimiýetleriniň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň täze bölümini açmak islegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Pakistanyň prezidenti sionist režimiň Gaza zolagynda palestin halkynyň genosidinde eden jenaýatlaryny ýazgardy we Pakistan hökümetiniň sebitde islendik daşary ýurt gatyşmagyna garşydygyny aýtdy.

Tags