May 08, 2024 22:18 Asia/Ashgabat

"Barzaniň" Tährana saparey, Eýranyň Kürdüstan sebiti bilen gatnaşyklarynda täze döwüriň başlangyjy bolýar.

  Takmynan 3 ýyldan soň Yragyň Kürdüstan sebitiniň prezidenti ýokary derejeli delegasiýa bilen Eýran Yslam Respublikasyna geldi.

Yragyň Kürdüstan sebitiniň prezidenti Niçerwan Barzaniniň Eýrana eden sapary, Eýran-Yrak howpsuzlyk şertnamasynyň doly ýerine ýetirilmegi, terror toparlaryň terrorçylyk hereketlerine we Sionistleriň eýrana garşy hereketlerine netijeli göreşmek,ykdysady-söwda hyzmatdaşlygynyň ösüşi we Eýranyň Yragyň Kürdüstan sebitiniň syýasy krizisini çözmäge kömek etmegi  ýaly birnäçe maksat bardyr.Geçen Duşenbe güni Niçerwan Barzani Eýrana eden saparrynda Rewolýusiýanyň ýokary lideri, Eýranyň prezidenti, Daşary işler ministri we Eýranyň ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary bilen pikir alyşdy. Eýranyň prezidenti Ybraýym Raisi Yragyň Kürdüstan sebitiniň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Kürdüstan sebiti bilen ykdysady hyzmatdaşlygy we söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde hiç hili päsgelçiliginiň ýokdugyny aýtdy. Raisi, şeýle hem, Kürdüstan sebitiniň prezidentiniň, sionistleriň we rewolýusiýa garşy elementleriň bu sebiti Eýrana garşy hyýanatçylykly peýdalanmagynyň öňüni alandygyna ýokary baha berdi. Barzani, Eýranyň howpsuzlygynyň Yrak Kürdüstan sebitiniň howpsuzlygydygyny we bu sebitiň Yrak Kürdüstan sebitinden hiç bir üçünji tarapyň Eýranyň howpsuzlygyna zyýan ýetirmegine ýol bermejekdigini aýtdy. Barzani,Eýran bilen dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny isledi.

Niçerwan Barzaniň Tährana sapary, iki tarapyň hem ara alyp maslahatlaşmak üçin stolda möhüm "syýasy-howpsuzlyk" we "ykdysady-täjirçilik" ýagdaýlary bolan ýagdaýynda edildi. Eýranyň geçen ýylky bidüzgünçiliklerinden soň Tähran bilen Erbiliň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-howpsuzlyk dartgynlylygy bilen ýüzbe-ýüz bolanda bu saparyň ähmiýeti ýokarlanýar. Beýleki tarapdan, bu sapar Erbil bilen Tähranyň arasynda dürli ugurlar boýunça maslahatlaşmagy talap edýän Kürdüstan sebitinde çynlakaý ösüşleriň bolup geçýändigini görkezýär.

Şu wagta çenli terrorçylyk merkezini ewakuasiýa etmek we ýaragsyzlandyrmak ýaly şertnamanyň birinji tapgyry durmuşa geçirildi we indi bu şertnamanyň beýleki bölekleriniň durmuşa geçirilmegine garaşmalydyr.

 

Tags