Eýran mejlisiniň başlygy Eýran-Türkiye gatnaşyklarynyň giňelmegine ünsi çekdi
Eýranyň Yslam Yslam şura mejlisiniň başlygy, Tähranlaryň we Ankaranyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklarynyň giňelmegine ünsi çekdi.
Eýranyň Yslam Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf çarşenbe güni Tähranda Türkiýe- Eýran dostluk toparynyň başlygy Kaýhan Türkmen Oglu bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Türkiýäni Günbatar Aziýanyň uly we täsirli ýurtlaryndan hasaplap bu peýdaly we taryhy geçmiş iki ýurduň gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmegine sebäp bolmagy zerurdyr diýip nygtady.
Muhammet Bager Galibaf şeýle-de Eýran bilen türkiýäniň arasyndaky söwdanyň azlygyny aýdyp onuň ýokarlanmagyny nygtap geçdi.
Türkiýe- Eýran dostluk toparynyň başlygy Kaýhan Türkmen Oglu hem bu duşuşykda Türkiýäniň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklarynyň möhümdigini aýdypiki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirlen ýokary hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatynda hyzmatdaşlyk 10 senede gol çekildi we şu esasda Eýran bilen Türkiýäniň söwda hümmeti 30 milliard dollara ýetirilmegi maksat edilendir diýip beýan etdi.