Larijani:Siriýa garşy amala aşyrylan hüjüm halkara kanunlara garşydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2498-larijani_siriýa_garşy_amala_aşyrylan_hüjüm_halkara_kanunlara_garşydyr
Eýranyň mejlis başlygy Amerika,Iňlis we Fransiýanyň Siriýa garşy amala aşyran hüjümi wagşylyk we halkara kanunlaryna garşydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 15, 2018 12:12 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Siriýa garşy amala aşyrylan hüjüm halkara kanunlara garşydyr

Eýranyň mejlis başlygy Amerika,Iňlis we Fransiýanyň Siriýa garşy amala aşyran hüjümi wagşylyk we halkara kanunlaryna garşydyr diýdi.

şu gün Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani mejlisiň açyk maslahatynda eden çykyşynda Amerika.Iňlis we Fransiýanyň Siriýa garşy raketa hüjümlerine yşarat edip bu hüjümlere Sionist režimi bilen bir wagtda käbir musulman ýurtlaryň goldaw bermegi babatly gynanç bildirdi.

Ali Larijani Amerika,Iňlis we Fransiýa hemde olaryň sebit we halkara derejesindäki hemaýatçylaryna duýduryş berip Eýran mejlisi Siriýa garşy bikanun we wagşylyk ýüzünden amala aşyrylan hüjümi berk ýazgarýar we bu hili hüjümler terrorçylary ýok etmek baradaky Siriýa milletiniň yradasyny berkitýär diýip yglan etdi.

Larijani şeýle-de Siriýa döwletini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplamak baradaky günbatar döwletleriniň toslamalarynyň delilini Damaskyň golaýndaky sebitlerden terrorçylary çykarmakda Siriýa düzgüniniň üstünligi hasaplap terrorçylary goldaýan ýurtlar bu işiň gysga wagtyň içinde amala aşmagyna garaşmaýardylar diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem Amerika we onuň ýaranlarynyň Siriýa garşy amala aşyran hüjümleri BMG-nyň jarnamasyna we halkara hukuk usullaryna garşydyr diýip yglan etdi.

Siriýanyň BMG-syndaky wekili Başar Jafari hem Amerika,Iňlis we Fransiýanyň bileleşigini el gatyjy iki ýüzli we ýalançy hasaplady.

ol şeýle-de Amerika,Iňlis we Fransiýa döwletleri Siriýada şowsyzlyga uçran DAEŞ-yň aryny almak niýeti bilen Siriýa hüjüm edendirler diýip sözüne goşdy.