Eýran bilen britaniýanyň daşary işler ministri telefon arkaly gürrüň etdiler
(last modified Sun, 15 Apr 2018 16:36:02 GMT )
Apr 15, 2018 21:36 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen britaniýanyň daşary işler ministri telefon arkaly gürrüň etdiler

Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Janson Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Londonyň Siriýa garşy hüjüme goşulmagy barada açyklama berdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif ,Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Janson  bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Siriýa garşy amala aşyrlan hüjümi ýazgaryp her hili himiki ýaraglardan peýdalanylmagyna Eýran Yslam respublikasynyň garşydygyny yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şeýle-de bu mesele baradaky günbataryň iki ýüzli bolyşyny tankyt etmek bilen bir wagtda saddam režimi Amerika, Britaniýa we Fransiýanyň hemaýaty bilen Eýrana garşy himiki hüjümleri amala aşyrypdy diýip ýatlap geçdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şeýle-de başga ýurtlary jezalandyrmak üçin hiç bir ýurduň birtaraplaýyn herekete baş goşmaga haky ýokdyr diýip sözüne goşdy.