Jul 12, 2024 16:18 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň Juma Ymamy: Halk saýlawa gatnaşmak bilen duşmanlaryň dildüwşüklerini puja çykardy

Tähranyň Juma namazynyň wagtlaýyn ymamy, Eýranyň halky saýlawda giňden huzurly bolmagy bilen duşmanlaryň dildüwşüklerini puja çykardy diýdi.

Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyry anna güni (5-nji iýul) geçirildi we "Masud Pezeşkian" Eýran halkynyň dokuzynjy prezidenti hökmünde saýlandy.

IRNA-nyň habaryna görä, Aýatolla Seýid Ahmad Hatami şu gün Tähranyň juma namazynda beren gürrüňlerinde, Dolandyryşyň 50 gününde Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirmek bilen Eýranyň halkynyň saýlawyň bu iki tapgyrynda eden işleri dünýäni geň galdyrdy we halk iki tapgyrda saýlaw gutulary 55 million ses bilen doldurdylar diýdi.

Aýatolla Hatami  şeýle-de hatda saýlawlara gatnaşmadyklary-da bu halkyň bir bölegi hasaplamak bilen, saýlawy boýkot etmek, umytsyzlyga sebäp boljak duşmanyň tarapyndan döredilen gozgalaňydy emma siz söweşijiler, siz Allanyň ýolundaky mujahidler, bu dildüwşügi huzuryňyz bilen puja çykardyňyz diýip beýan etdi.

Tähranyň wagtlaýyn Juma Ymamy şeýle hem, Eýranyň saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň diňe öňa ses berenleriň prezidenti bolman, eýsem tutuş Eýran halkynyň prezidentidigini aýtdy.

Aýatolla Hatami şeýle-de Tasua we Aşura günleri barada gürrüň berdi.

Tags