Jul 17, 2024 13:00 Asia/Ashgabat
  • Trump-a edilen hüjümde Eýranyň rol oýnamagy ret edildi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikan metbugatynyň Eýranyň ABŞ-nyň öňki prezidentiniň janyna kast edilmegindäki roly baradaky habarlary ret etdi we bu aýyplamalaryň çap edilmegini duşmançylykly syýasy maksatlar we sebäpler diýip hasaplady.

Sişenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň mukaddes ulgamy bilen köpden bäri dowam edip gelýän duşmançylyga laýyklykda, Amerikan CNN ulgamy Amerikanyň aňtaw gullugynyň işgärleriniň Eýranyň soňky hepdelerde "Donald Trump" -y öldürmek baradaky meýilnamasyny tapandygyny öňe sürdi!

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" Amerikanyň metbugatynda Eýranyň Amerikanyň öňki prezidenti "Donald Trump" -a guralan ýaragly hüjümde Eýranyň roly baradaky käbir habarlary ret etdi.

Kanani Çafi şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýçleriniň öňki serkerdesi general Gasem Soleýmanyň öldürilmeginde gönüden-göni roly sebäpli Trump-ny jogapkärçilige çekmek kararyna gelendigini aýtmak bilen, ýöne ýaňy-ýakynda Trump-a garşy ýaragly hüjüme ýa-da Eýranyň şeýle hereket etmek niýeti baradaky aýyplamalary düýbünden ret edýär diýdi.

Tags