Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky harby şertnama baradaky habary inkär etmek
Eýran Yslam Respublikasynyň Ermenistandaky ilçisi Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky harby şertnama baradaky habary ret etdi.
Soňky döwürde Eýran bilen Ermenistanyň arasynda harby şertnama baglaşmagyň mümkinçiligi barada myş-myşlar ýaýrady, ýöne ol bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň we resmileriniň hiç biri tarapyndan tassyklanmady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Ermenistandaky ilçisi Mehdi Sobhani şeýle habarlaryň çeşmesini Eýran Yslam Respublikasy barada ýalan maglumatlar we duşmançylykly analizleri çap etmek taryhyna eýe bolan ygtybarsyz habar beriş serişdesi hasaplady.
Sobhani, Eýran bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine täsir etmek üçin şeýle habarlary çap etmegiň maksatlaryna yşarat edip, Eýran Yslam Respublikasy Kawkaz sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny we ykdysady ösüşi goldaýar diýdi.